Täzelikler

Hytaýyň prezidenti Si Szinpin G20 ýurtlarynyň liderlerini «QR kod» tehnologiýaly halkara syýahatçylyk ulgamyny döretmäge çagyrdy

Hytaýyň prezidenti Si Szinpin, halkara syýahatyň köne ugruna dolanmaklyk üçin «QR kod» tehnologiýaly halkara syýahatçylyk ulgamyny döretmäge çagyrdy.

«BBC»-iň habaryna görä, Hytaýyň prezidenti Si Szinpin G20 liderler sammitinde täze görnüşli koronawirus ýokanç keseli sebäpli bozulan halkara syýahatyny ýeňilleşdirmeklik üçin täze teklip berdi.

Si Szinpin, nuklein kislotasynyň synag netijelerine esaslanýan saglyk şahadatnamalarynyň «QR kod» tehnologiýasy esasynda dörediljek «global mehanizm» bilen tassyklanyp bilinjekdigini we bu ýol bilen syýahatyň aňsatlaşdyryljakdygyny aýtdy.

Bu mehanizme köp sanly ýurduň gatnaşyp biljekdigine ünsi çeken Si Szinpin: «Syýasat we ülňülerimizi has-da sazlaşdyrmaly hem-de adamlaryň yzygiderli syýahat etmegini aňsatlaşdyrmaklyk üçin örän gysga möhletde giň mümkinçilikleri döretmeli.» – diýip belledi.

Teswir goşmak

Your email address will not be published. Required fields are marked *