Täzelikler

73 ýyldan bäri bilelikde

Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II-niň hem-de onuň ýanýoldaşy Şazada Filipp Mauntbetteniň nikalaşanlaryna 73 ýyl doldy. Şeýlelikde, monarhiýanyň taryhynda ýolbaşçy wezipesindäki adamyň iň köp dowam eden nikasy boldy. Är aýalyň bu sene mynasybetli agtyklarynyň suratlaryny görüp oturan suraty ýaýradyldy. 94 ýaşly Şa zenany ýanýoldaşy Filipp Mountbatten bilen 1947-nji ýylyň 20-nji noýabrynda toý tutdular. Şol wagt Şa zenany 21 ýaşyndady. Şeýle hem Ýelizaweta II Britan monarhiýasynda iň uzak wagtlap tagtda oturan ýolbaşçy hökmünde hem rekord goýdy. 99 ýaşly Edinburg gersogy Filipp iki ýyl mundan ozal hormatly dynç alşa çykdy. Är-aýalyň dört çagasy bar.

Teswir goşmak

Your email address will not be published. Required fields are marked *