Täzelikler

Gök çaý we şokolad wirus bilen göreşýär

ABŞ-da geçirilen ylmy barlaglaryň birinde gök çaýyň hem-de ajy şokoladyň düzümindäki himiki birleşmeleriň  koronawirus ýokanjyna garşy göreşmäge ýardam edýändugu anyklanyldy. Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň biologlarynyň bu ylmy barlaglaryna ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan giň goldaw berilýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, gök çaýdaky we ajy şokoladdaky himiki birleşmeler koronawirusdaky belli bir fermente ýa-da proteaza birigip, olaryň işjeňligini haýalladýar. Ylmy barlagyň awtory De-Ýu Si proteazalaryň hereketiniň öňi alnan halatynda, wirusyň öz ýaşaýşyny dowam etdirip bilmejekdigini tassyklaýar.

Teswir goşmak

Your email address will not be published. Required fields are marked *