Täzelikler

“Time” žurnaly ilkinji gezek “Ýylyň çagasyny” saýlady

“Time” žurnaly ilkinji gezek “Ýylyň çagasyny” saýlady. Täze esaslandyrylan baýragyň ilkinji eýesi ABŞ-nyň Kolorado ştatyndan asly hindi bolan amerikaly Gitanjali Rao boldy. Neşir “Nickelodeon” ýaýlymy bilen hyzmatdaşlykda “Ýylyň çagasy” adyna dalaşgärleri saýlady.

Bu baýraga sekiz ýaşdan 16 ýaş aralygyndaky 5 müňden gowrak amerikaly çaga dalaşgär görkezilip, ýörite döredilen topar tarapyndan bäş çaga öňe saýlandy. Gitanjali Raonyň üstünligi emin agzalarynda çynlakaý täsir galdyrdy. Gyz içimlik suwdaky gurşun hapalaryny ýüze çykarmak maksady bilen ykjam enjam oýlap tapdy. Şeýle hem bu gyzjagaz emeli aňyň kömegi bilen internetdäki käbir näsazlyklary ýüze çykarmak üçin döredilen “Kindly” programmasynyň awtorlarynyň biridir.

2019-njy ýylda “Forbes” žurnaly “Ylym” kategoriýasynda Raony “30 ýaşdan kiçileriň” reýtingine, 2020-nji ýylda bolsa, “Time” ony “Dünýäni özgerdýän ýaş oýlap tapyjylaryň” hataryna goşdy. Ýakyn günlerde “Time” žurnaly “Ýylyň adamyny” saýlar. Geçen ýyl şwesiýaly daşky gurşaw boýunça işleýän mekdep okuwçysy Greta Tunberg “Ýylyň adamy” bolupdy.

Teswir goşmak

Your email address will not be published. Required fields are marked *